«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly halkara maslahat öz işine başlar. Forum her ýyl 12-nji awgustda bellenilýän Halkara Hazar deňziniň gününe bagyşlanýar, şol gün 2006-njy ýylda bäş sany Hazarýaka döwleti: Türkmenistan, Eýran, Russiýa, Gazagystan we Azerbaýjan deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran konwensiýasyny kabul etdiler.

Maslahaty guraýjylaryň habar bermeklerine görä, oňa Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Halkara jemgyýetçiliginiň adyndan BMG-niň, Migrasiýa boýunça halkaa guramasynyň (IOM), ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň, Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ), ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň, Halkara deňiz hukugy institutynyň we Halkara umman institutynyň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahata gatnaşyjylar sebitdäki döwletleriň Hazar deňzi boýunça, şol sanda ekologiýa, geostrategiýa, ykdysadyýet we ulag pudaklarynda mundan beýläk hem özara hyzatdaşlyk etmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere serederler.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: