Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň heýkelini ýagtylandyryş ulgamynyň döredilmegine ünsi çekdi

17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi diýip, TDH habar berýär.

Wise-premýer B.Annamämmedow toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň yşyklandyryş ulgamy, desgalarynyň diwarlarynda ýerleşdiriljek ýazgylar, şeýle hem toplumyň agşamky görnüşleri bilen baglanyşykly şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe bellikleri etdi we bu künjegiň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň agşamlaryna ýokary derejede ýagtylandyrylmalydygyny aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda, ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobilleriň hyzmaty ýola goýulsa, maksadalaýyk bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: