Energetika ministrligine energetika institutynyň çäginde binalary we desgalary gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Energetika ministrligine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň taslamasyny düzmek we gurmak barada «Röwşen» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Şeýle hem resminamada görkezilen binalary we desgalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmek, elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Karara ýurdumyzyň energetika we senagat pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen gol çekildi.

Resminamada gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Karar resmi metbugatda çap edildi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: