Türkmenistanyň Prezidenti bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk babatda görkezmeleri berdi

28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi diýip, TDH habar berýär.

Degişli ýolbaşçylary welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, oba hojalyk tehnikalarynyň ýokary hilli tohumlaryň ekiş möwsümine taýýarlygy barada hasabat berdiler. 

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli guramaçylyk meselelerini, şeýle hem ähli düzümleriň pagta ýygymy möwsümine taýýarlygyny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi hem-de bu babatda her ýolbaşça anyk tabşyryklary berdi.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: