Türkmenistanyň Prezidenti täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Bedimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Watanymyzyň golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralary – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ýaşlar üçin gapylaryny giňden açdylar.

Aşgabatda gurlan täze binalaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy hem bar. 

Döwlet Baştutanymyz Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilipdir.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy döwlet gullukçylary üçin ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilim berýän ýokary hünär okuw edarasydyr. Akademiýanyň düzüminde iki fakultet: döwlet dolandyryş fakulteti hem-de hünär ýokarlandyryş fakulteti hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra: Döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar. 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: