Marydaky Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasyny «Röwşen Gurluşyk» gurar

«Röwşen Gurluşyk» hususy kärhanasy Marydaky Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde täze okuw binasynyň taslamasyny düzer we gurluşyk işlerini amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

«Röwşen Gurluşyk» HK Türkmenistanda iri gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar hem-de dürli maksatly we çylşyrymlykly desgalary gurmakda uly tejribä eýedir. Kärhana gurluşyk işlerine şu aýda başlar we 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlar.

Ýatlasak, Marydaky Döwlet energetika instituty 1997-nji ýylda Ýokary tehniki kollejiň binýadynda döredildi we Türkmenistanyň elektroenergetika we senagat pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýar.

2010-njy ýylda ýokary okuw mekdebiniň täze binasy ulanmaga berlipdi. Energetika institutynyň goşmaça okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenendir, şeýle hem 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy hem-de monument gurlar.

 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: