Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabatlary diňledi we işgärleri wezipä belledi

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine we pagta ýygymy möwsümine başlamak üçin görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabatlary diňledi. Bu möhüm möwsümleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça görkezmeler berildi we olary dabaraly ýagdaýda başlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işgärleri wezipä belledi. Şeýlelik bilen, döwlet Baştutanymyz B.Ataýewi hem-de G.Ataýewi oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipelerine, N.Jumaşowy we B.Miminowy daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipelerine bellemek hakynda resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, D.Baýlyýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä E.Babalyýewi belledi.

Ýurdumyzyň käbir welaýatlarynyň etrap häkimliklerinde hem wezipä bellemek boýunça işler geçirildi, hususan-da, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň birnäçesi wezipä bellenildi we wezipesinden boşadyldy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: