Elektroenergetika türkmen-fransuz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» ýurdumyzyň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berýär. 

Saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň «MEDEF-International» halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty, maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw hojalygy toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Pariže saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary dürli döwlet edaralarynyň hem-de fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: