2023-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň ösüş depgininiň görkezijileri barada habar berildi

8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hökümetiň mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda gödegçilik edýän pudaklary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,6 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 101,7 göterime barabar boldy. 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: