Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda ýokary derejedäki çärelere gatnaşar

2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar diýip, TDH habar berýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçiriler, olaryň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, ulag ministrleriniň duşuşygy, Zenanlaryň dialogy, Ykdysady forum, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň, şeýle hem ýaşlar guramalarynyň forumlary, önüm öndürijileriniň sergisi, sungat eserleriniň görkezilişi we beýleki medeni çäreler geçiriler. Bu çärelere we duşuşyklara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar diýlip çeşmede bellenilýär.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: