Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler, şeýle hem duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew synçy hökmünde gatnaşýar.
Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany çykyş edip, Aral deňziniň meseleleri bilen baglanyşykly möhüm gün tertibi boýunça anyk teklipleri beýan etdi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda Çözgüdine, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň AHHG-nyň Prezidentiniň saýlanylmagy hakynda Çözgüdine gol çekildi.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: