Okuw maslahatynyň dowamynda energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak ulgamlarynda halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy

Geçen hepde Mary welaýat merkezinde «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak ulgamlarynda, şeýle hem şäher galyndylary alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi. 

Çärä Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» (GDEÇ) ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem BMGÖM-iň Türkmenistandaky durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara geňeşçiler gatnaşdylar. 

Okuw maslahatynyň dowamynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM taslamasynyň hünärmenleri bilen bilelikde energiýadan netijeli peýdalanmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek boýunça ýerine ýetirilen işler tanyşdyryldy.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: