Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin bilelikde iş alyp barmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş hormatly Prezidentimize BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň işjeň ornunyň bardygyny we oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti iş saparynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel hem-de Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: