Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergide elektroenergetika pudagynyň gazananlary we innowasiýalary şöhlelendirildi

20-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanan üstünliklerini şöhlelendirmäge gönükdirilen sergisi açyldy diýip, TDH habar berýär.

Gözden geçirilişde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet kärhanalary we agentlikleri, jemgyýetçilik guramalary, ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň onlarçasy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan elektroenergetika pudagynyň gazananlary hem sergide giňden şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometri döwrebaplaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. 2022-nji ýylda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bularyň ählisi elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrýar.

Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, «ýaşyl» generator stansiýalarynyň hem-de beýlekileriň şekil taslamalarydyr çyzgylary ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösdürilmeginiň ugurlaryny synlamaga şert döredýär diýlip, çeşmede bellenilýär.
 

Täzelikler

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: