Berlinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi

29-njy sentýbarda GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy diýip, TDH habar berýär.

Berlindäki “Marriott” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýygnandylar. Kabul edýän tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri, iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Germaniýaly hyzmatdaşlar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. 

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, täze maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açýan hem-de hakykatdan-da, ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi berjek giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk ynanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, GFR-iň işewür düzümleriniň wekillerine hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň birnäçe mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.

Energetika ulgamy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, Gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge isleg bildirildi.
Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine, hususan-da, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen pudagara ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: