Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.Daşoguz welaýatynda şaly oragyna girişildi. Lebap welaýatynda şaly oragyna, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamaga başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Gyş möwsüminiň golaý gelmegi bilen baglylykda, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, oba saglyk öýleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: