Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Päkistanyň energetika ministriniň duşuşygynda TOPH we TAP taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Abu Dabide geçirilýän «ADIPEC 2023» maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Pakistanyň energetika, energiýa we nebit meseleleri boýunça federal ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammad Ali bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Päkistanyň energetika ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu taslamalaryň ilerledilýändigi üçin hoşallyk bildirdi we olaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak üçin Pakistanyň hökümetiniň hemmetaraplaýyn çäreleri görmäge taýýardygyny tassyklady.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: