Hökümetiň mejlisiniň dowamynda elektroenergetika pudagynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi

5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 113,2 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 102,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: