Owganystanda türkmen elektroenergiýasy geçiriljek elektrik geçiriji liniýanyň gurluşygyny tamamlamak maksat edinilýär

Kabulda ýerli hususy kompaniýa bilen kuwwaty 500 kW bolan Türkmenistan – Owganystan elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça galan işleri ýerine ýetirmek üçin şertnama baglaşyldy diýip, «TOLOnews.com» habar berýär.

Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bu taslamanyň iki ýyldan tamamlanjakdygyny, onuň durmuşa geçirilmegi bilen Kabulyň we beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem senagatçylarynyň elektrik energiýasyna bolan islegleriniň kanagatlandyryljakdygyny aýtdy.

Owganystanyň Energetika ministrligi bu taslamany merkezi, gündogar we günorta welaýatlary, şol sanda paýtagty elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde iň möhüm infrastruktura taslamalarynyň biri hasaplaýar.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: