Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy we onuň dowamynda çykyş etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň GDA-nyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýandygyny belläp, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlygyna degişli bolan birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy resmi metbugatda çap edildi.

Bişkek şäherine iş saparynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda, 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: