Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsüminiň depginini artdyrmak, «ak altynyň» hasylyny gysga möhletlerde we zaýasyz ýygnap almak üçin degişli çäreler görülýär, pagtaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyklyk ýerine ýetirilmegini, pagta hasylyny bellenen möhletlerde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamak bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: