Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji oktýabrda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. 

Üçünji ýokary derejeli maslahatyň resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Dýaoýuýtaý» döwlet kabulhanasynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy we çykyş etdi (çykyş resmi metbugatda ýerleşdirildi).

«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; «Guşak we ýol» sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; «Guşak we ýol» «ýaşyl» ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we «ýaşyl» ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. 

Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde «ýaşyl» ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: