Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe resminamalara gol çekdi. Şol sanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak barada «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary;
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy tassyklanyldy.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: