Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2023» atly halkara maslahaty we halkara sergisi öz işine başlaýar

Şu gün Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2023» atly halkara maslahaty we halkara sergisi öz işine başlaýar.

Bu giň möçberli çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti çykyş edýär.  

Bu halkara çäresine döwlet edaralary, milli kompaniýalar we hususyýetçiler, şeýle hem Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Kipr, Ispaniýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Singapur ýaly döwletlerden daşary ýurt kompaniýalary gatnaşarlar.

Maslahatyň gün tertibi baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny we maýa goýum işini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa senagaty pudaklary we elektroenergetika, ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ornaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek we beýleki köp sanly möhüm meseleleri öz içine alýar diýip, Söwda-senagat edarasy habar berýär.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: