Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda elektrik stansiýasyny gurar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Resminama laýyklykda, şertnamada elektrik stansiýasy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumy şäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlanar we 2027-nji ýylyň maý aýynda tamamlanar.

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: