Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda elektroenergetika desgalarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralaryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Hormatly Prezidentimiz täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklaýar we hormatly ýaşulular bilen bilelikde elektrik stansiýasynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berýär.

Täze toplumda dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz, 2 sany hem bug turbinasy oturdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti şol ýerden sanly ulgam arkaly täze Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyna birikdirilmegine, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň işe girizilmegine ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde, sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: