Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygy pudaklarynyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy, bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini, olara YHG-nyň käbir ýurtlarynyň hem gatnaşýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow YHG-niň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işleri giňeltmäge çagyrdy.

Häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistan taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: