Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde okuw sapagy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyplary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň binýadynda okuw sapagyny geçdiler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Şeýle hem institutyň wekilleri ýurduň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energiýa desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamak üçin döredilen Merkezdäki beýleki önümçilik prosesleri bilen içgin tanyşdylar.

Bu okuw sapagy ýaş hünärmenleriň ugurdaş bilimlerini artdyrmak we çuňlaşdyrmak, amaly endiklerini ösdürmek, hünär başarnyklaryny emele getirmek we energetika pudagyndaky taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.

Türkmenistan Energetika ministrliginiň «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi öz ugry boýunça tutuş Merkezi Aziýada ýeke-täk desgadyr diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: