Türkmenistan we Täjigistan energiýa serişdeleriniň üpjünçiligini artdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýeti bilen Täjigistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we energiýa serişdeleriniň üpjünçiliginiň gerimini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. 

Hususan-da, Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ziýozod Süleýman Rizoiniň arasynda geçirilen duşuşykda Täjigistana iberilýän energiýa serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen wekiliýeti Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, 27-28-nji noýabrda Duşanbe şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: