Türkmenistanyň Prezindeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşdy

1-nji dekabrda Dubaýda Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa BAE-de iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

«Dubai EXPO City» toplumynda geçirilen açylyş dabarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “COP-28” howa sammitinde eden çykyşynda gün tertibiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. 

Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP-28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy. 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: