Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär diýip, TDH habar berýär.

Forumyň işi şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam eder, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Her ýylda geçirilýän bu ýokary derejeli maslahatyň möhüm çäresi bolan BMG-niň Bütindünýä howa sammitinde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny nygtady. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: