Türkiýe türkmen gazyny we elektrik energiýasyny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin hyzmatdaşlyga taýýardyr

6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. 

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly, Türkiýäniň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Energetika hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlaryndan biri hökmünde görkezildi. Hususan-da, Jewdet ilmylmaz: «Biz türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin täze we örän uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge we işläp düzmäge taýýar» diýip, elektrik üpjünçiligi meselesinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: