Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary barada hasabaty diňläp, görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň futbol klubunyň türgenleri üçin niýetlenen sport lybaslarynyň görnüşleri görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar dogrusynda gürrüň edildi.

Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryljak şäheriň Baş baýdak meýdançasyna gelip, täze şäherde ilkinji gezek belleniljek Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: