Türkmenistanda Watanymyzyň Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi

Ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giň gerimli birnäçe çäreler bilen bellenildi. 

12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň ýolbaşçysy we wekilleri, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň myhmanlary belent binanyň öňünde gül desselerini goýdular.

Günüň ikinji ýarymynda olaryň ählisi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat hem-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: