Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär

Şu gün bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudagyň işgärlerine Gutlag hatyny iberdi.

Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: