Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi

14-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Çäräniň dowamynda häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň barha artýandygy bellenildi. Şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar.

Zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan nebitgaz senagaty pudagynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guralan bäsleşigiň ýeňijilerini Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik pudagyň işgärleriniň arasynda nebitgaz toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny beýan edýän iň gowy makalalar, oçerkler, hekaýalar, fotoreportažlar boýunça yglan edildi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: