Gahryman Arkadagymyz täze şäherde Täze ýyl söwdasynyň guralyşy bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi

16-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. 

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň «Gökdere» söwda toplumynda ýola goýlan döwrebap hyzmatlaryň hem-de elektron söwda dolanyşygynyň tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk bolmalydygyny belläp, bu işleriň Watanymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän dükanlarda we bazarlarda ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna gatnaşmaklary, bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: