Aşgabatda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär. 

Duşuşyk Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň, diplomatik akademiýalarynyň we merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda utgaşykly görnüşde geçirildi.

Halkara maslahatyň «Magtymguly Pyragynyň döwletlilik taglymatynyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmekdäki binýatlyk orny», «Magtymgulynyň paýhas-filosofiki we ahlak – edep garaýyşlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti», «Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasydyr» atly bölümçeleriniň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlan «Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy makalalaryň ýygyndysy sowgat berildi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: