Daşoguzda täze elektrik bekediniň gurluşygy boýunça işler işjeň depginlerde alnyp barylýar

Şu günler Daşoguzda täze elektrik bekediniň gurluşygynda gurnama işleri işjeň depginlerde alnyp barylýar. Şol işleri ýurdumyzyň energetika ministrliginiň «Türkmenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.

Bu desga ahyrky netijede ýurtda bitewi energiýa halkasyny döretmäge mümkinçilik berjek «Balkan-Daşoguz» howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde bina edilýär.

Täze beket elektrik energiýany, şol sanda Daşoguzda ýerleşýän iri döwlet elektrik stansiýasyndan hem alynýan energiýany özleşdirmäge hem-de paýlamaga hyzmat eder. Ol ýurdumyzyň bitewi energiýa ulgamynda aralyk böleginiň wezipesini ýerine ýetirer.

Beket birnäçe transformatorlardan, paýlaýjy we dolandyryjy enjamlardan, kömekçi desgalardan ybaratdyr. Desga ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň çäklerinde bina edilýän 500 kWt-lyk şonuň ýaly beket bilen birleşdiriler diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-11-16 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: