Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemini jemlemäge bagyşlanan dabaralar geçirildi

28-nji dekabrda Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň jemini jemlemäge bagyşlanan dabaraly duşuşyklar geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ondan bir gün öň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň dabaraly açylyşy boldy. 28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy.

Sergi bölümleriniň birinde gurluşyk-senagat pudagynda, şol sanda elektroenergetika pudagynda gazanylan üstünlikler görkezilýär.

28-nji dekabrda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýyl ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň, Hormat hatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi.

Ýaş hünärmenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: