Türkmenistanda 2024-nji ýyl garşylandy

Türkmenistanda Täze, 2024-nji ýyl paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda geçirilen giň gerimli dabaralar bilen garşylandy. Döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen teleköpri arkaly bu dabara ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, häkimler, Arkadag şäheriniň we ähli welaýatlaryň hormata mynasyp ýaşaýjylary, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary döwlet Baştutanymyzy we ähli ildeşlerimizi Täze ýyl bilen gutladylar. Baýramçylyk aýdymlary we tanslary ýerine ýetirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen çykyş etdi.

Sagadyň dilleri 12-ni görkezende Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Baýramçylyk feýerwerki öwşün atdy.

Türkmenistan 2024-nji ýyla ýagşy arzuwlar, ägirt uly maksatlar we ertirki güne ynam bilen gadam basdy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: