Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň üsti täze tapyndylar bilen ýetirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine näbelli gadymy organizmiň yzlary bolan dag jynsynyň nusgasy tabşyryldy. Diametri 8–12 mm bolan altyburçly gözenekler bal arylarynyň öýjügini ýatladýar we 130–150 sm2 meýdany eýeleýär diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Daşa öwrülen bu galyndy Günbatar Kopetdagda Sünt-Hasardag dag gerşiniň eteginde, Magtymguly şäheriniň golaýynda ekolog alym Waleriý Iwanowiç Kuznesow tarapyndan tapyldy. Bu ýerde deňziň ýokarky ýalpaklygynyň 60 – 80 million ýyllyk çökündi gatlaklary köp duş gelýär. Şeýle yzlar ozal biziň ýurdumyzda tapylmandy, şonuň üçin bu nusga muzeýiň ylmy işgärlerinde gyzyklanma döretdi.

Täze muzeý gymmatlygy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň Ýer planetasyndaky ýaşaýşyň ewolýusiýasyna bagyşlanan sergi bölümindäki beýleki galyndylaryň arasynda öz ornuny alar.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: