Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE iş saparyny amala aşyrýar

4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady diýip, TDH habar berýär.

Abu-Dabide Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy. Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary, ulag-aragatnaşyk pudagy türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

BAE-niň Prezidentiniň «Al Şati» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar.

Gahryman Arkadagymyz geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. 

Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: