Türkmenistanyň Hökümetiniň 2024-nji ýyldaky ilkinji mejlisi geçirildi

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi. 

Soňra wise-premýerler we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlarda geçiriljek çäreler hem-de olara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda we pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we öňde boljak çäreler bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: