Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda wise-premýerler maliýe we ykdysadyýet pudagyny ösdürmek, iri infrastruktura taslamalaryny dowam etdirmek we 2024-nji ýylda daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça meýilnamalar barada hasabat berdiler.

2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna aýratyn üns çekildi. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň hasabat berşi ýaly, onda strategik häsiýete eýe bolan TOPH gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşyklaryny dowam etmek bellenilýär.

Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpri ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdiriler. 

Mundan başga-da, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýollaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyna gönükdiriler.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: