Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy diýip, TDH habar berýär.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atly gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze «akylly» şäherde ekologiýa talaplaryny berjaý etmägiň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny, hut şonuň üçin hem gurluşyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, şunda täzeçil tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işjeň peýdalanylmalydygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine saparynyň dowamynda Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň çempionatynda ýeňiji bolmagy mynasybetli gutlag bilen çykyş etdi.

2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny alamatlandyrýan güwänamalary uly buýsanç bilen kabul etdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: