Türkmenistan 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gyrgyzystana iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky Buýruga gol çekdi diýip, TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan tebigy gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna iberildi.
Gyrgyzystana iberilen suwuklandyrylan gaz goňşy ýurduň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän tagallalaryna türkmen halkynyň özboluşly goşandydyr.
Şeýle ynsanperwerlik çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm däpleriniň birine öwrüldi.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: