Türkmenistanyň Prezidenti möhüm desgalaryň gurluşygyna gözegçilik etmegiň çärelerini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möhüm infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna gözegçilik etmegiň çärelerini tassyklamak bilen baglanyşykly Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, degişli iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik ederler.

Şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrligine gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy. Ministrlik dumuş maksatly möhüm binalaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek üçin desgalaryň işe girizilmeginiň takyk tertibini düzmeli.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: