Aşgbatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Aşgbatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. 
Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Maksatnamada öňde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işlere ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ösüş maksatnamasynyň ähli wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilendigini belledi. Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy, soňra bolsa «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi.
Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy – ýylda ortaça 6 göterimden ýokary boldy. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 4 essä golaý artdy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 
Şeýle hem senagat önümçiliginde durnukly ösüş gazanylýar. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi. Içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar – bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýyldan bäri 9 essä golaý artdy
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: