Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag «akylly» şäherine iş saparyny amala aşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýolbaşçysy şäherde gurulýan desgalaryň, şol sanda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy we Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde şäheriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, onuň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk toplumynyň ylmy-önümçilik merkezine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Türkmenistanda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýolbaşçysy bu ýerde lukmançylyk hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde döredilmegi göz öňünde tutulýan lukmançylyk klasteriniň nyşany bilen tanyşdy. Bu nyşanyň milli ýörelgelere laýyk hem-de häzirki döwrüň ruhuna doly kybap gelmegi üçin halkara derejede ykrar edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigi tabşyryldy.

 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: